Ojagy otly eder, guýyny süýtli

27 Ýanwar 2021
2407

Halkymyzyň arasynda: «Sözen odum söýgüli, gandym odum gaýgyly» diýen nakyl bar. Sebäbi sözen odunyň tüssesi bolmaýar. Gandym agajy bolsa tüsseläp ýanýar.

Irki zamanlarda kerwenli uzak ýoly söken täjirler dynç almak üçin düşlänlerinde hem sözen oduny ýakmagy makul bilipdirler. Sebäbi tüssesiz sözen ody olary del gözlerden hem gorapdyr. Ot başynda gyzykly saz-söhbetler edilipdir. Şeýdibem halkymyzyň dil hazynasy, ruhy mirasy baýlaşypdyr. Sözen odunyna tüňçede gaýnadylan gök çaý ýolagçylaryň nepesini durlapdyr.

Mahym ROZYÝEWA.
Beýleki habarlar