Tebigata sarpa goýmagy öwretmek

26 Ýanwar 2021
2138

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe tebigaty goramak, gözelleşdirmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň ekologiýa – suw syýasaty ýurdumyzyň daşky gurşawyny gözelleşdirmek, ösümlik dünýäsini gorap saklamak we suwy tygşytly ulanmak ýaly ugurlara gönükdirilendir. Şunda ösümlik we haýwanat dünýäsiniň goralyp saklanmagy daşky gurşawyň baýlyklaryna oňyn täsirini ýetirýär.

Türkmen halkynyň däp-dessurlarynda, edim-gylymlarynda tebigata aýawly garamak, onuň gözelliklerini goramak ýaly ýörelgeler bar. Ata-babalarymyzyň oturymly ýerlerinde çeşme-çaýlar, derýalar, bulaklar, howdanlar bolan. Bu bolsa ekerançylygy ösdürmäge, daýhançylyk medeniýetiniň kemala gelmegine ýardam edipdir. Şonuň üçin hem türkmen topragy irki döwürlerden ekerançylygyň kemala gelen ýerleri diýlip tanalýar. Munuň özi pähimdar pederlerimiziň tebigata aýawly çemeleşendiginden, suwy tygşytly ulanyp, ekerançylyk medeniýetini döredendiginden habar berýär. Bu bolsa türkmen halkynyň tebigat bilen sazlaşykly ýaşamakda, onuň baýlyklaryny goramakda oňat däpleriniň bardygyny aňladýar.

Gurbansähet GURBANSÄHEDOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar