Geljegi nazarlaýan taslamalar

25 Ýanwar 2021
1969

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinde Lebap welaýatynda ulag-aragatnaşyk we elektroenergetika ulgamlarynda iri sebitleýin taslamalaryň açylyş dabaralary geçirildi. Olaryň hatarynda Owganystan Yslam Respublikasynda Akina — Andhoý demir ýol şahasy, kuwwatlylygy 500 kW bolan Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) elektrik geçiriji ulgamy, şeýle hem Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) we Serhetabat (Türkmenistan) — Turgundy (Owganystan) halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny bellemek bolar. Taraplaryň gatnaşmagynda energetika, ulag-aragatnaşyk ýaly möhüm pudaklarda iri düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegi doganlyk ýurduň syýasy durnuklylygynyň pugtalandyrylmagyna hem-de dünýä hojalyk ulgamyna üstünlikli goşulmagyna ýardam berer.

Anyk mysallara ýüzlenip aýdylanda, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny, «Lapis-Lazuli» üstaşyr ulag geçelgesini, şeýle hem Serhetabat (Türkmenistan) — Turgundy (Owganystan) we Kerki (Türkmenistan) — Ymamnazar (Türkmenistan) demir ýol şahalaryny aýratyn nygtamak bolar. Bu halkara taslamalary doganlyk ýurduň halkara giňişligindäki eýeleýän ornunyň barha ýokarlanmagyna ýardam berer.

Daýanç ANNADURDYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar