Dostlukly gatnaşyklar berkeýär

20 Ýanwar 2021
1880

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, hormatly Prezidentimiziň tagallasy esasynda, Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda dost-doganlykly gatnaşyklar barha giň gerime eýe bolýar. Türkmen gurluşykçylarynyň tagallalary bilen, Owganystanda durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda lukmançylyk we bilim edaralarynyň gurulmagy, Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa benzin öndürýän zawodyň önüminiň ilkinji tapgyrynyň bu ýurda ugradylmagy hemişelik Bitarap ýurdumyzyň hoşniýetli goňşuçylyk we ynsanperwer döwlet syýasatynyň aýdyň beýanydyr.

Hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Gurmasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde çykyş edip, Owganystanyň hakyky hyzmatdaş hökmünde iri energetika, ulag we kommunikasiýa taslamalaryny amala aşyrmaga çekilmegi Merkezi Aziýada howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm şertidir diýip belleýär.

Jennetgül ORAZOWA,
«Watan».
Beýleki habarlar