Oýmak

17 Ýanwar 2021
1954

Oýmagyň ilkinji dörän görnüşleri häzirki görnüşinden tapawutly bolsa-da, ulanyş maksady birmeňzeş – elde tikin tikilende süýem barmagyňy iňňäniň deşmeginden goramak. Pompeýde geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde tapylan oýmaklar iň gadymy nusga hasaplanyp, häzirki zaman nusgalaryna meňzeýär. Ilkinji hytaý oýmaklary miladydan öňki III asyrda galyň deriden ýasalypdyr. Soň-soňlar misden we bürünçden ýasalyp başlanypdyr. Şol döwürde barly adamlar oýmagy kümüşden we altyndan ýasadypdyrlar.

Oýmagyň bürünçden ýasalan görnüşi ilkinji gezek XIV asyrda Germaniýada ýüze çykypdyr. Şondan soň önümçilik işi diňe ýyllaryň dowamynda kämilleşipdir.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Baýgeldi ÇARYÝEW,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby.
Beýleki habarlar