Taryhy we ruhy hazynanyň eýeleri

2 gün öň
60

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyza ägirt medeni we ykdysady ösüşleri getiren 2024-nji ýyl iň şöhratly ýyllaryň biri bolup taryha girýär. Şygaryna Gahryman Arkadagymyzyň dürdäne şygrynyň ady goýlan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda bütin dünýäde umumadamzat bähbitli beýik işleriň ençemesi durmuşa geçirildi, ençemesine-de badalga berildi. Dünýäniň 86 döwletiniň awtordaş bolup çykyş etmeginde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamany kabul etmegi ýurdumyzyň adamzadyň ýagty geljeginiň hatyrasyna amala aşyrýan beýik işleriniň ykrary bolup  jahana ýaýyldy.

Bu ajaýyp ýylda Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly ajaýyp eseri  beýik ösüşlerimiziň çuň mazmunyna düşünmekde gymmatly gollanma boldy. Alym Arkadagymyzyň dürdäne eserleriniň dowamy bolan bu ajaýyp kitap giň okyjylar köpçüligi bilen birlikde, talyplyga gadam basan ýaşlar üçin has ähmiýetlidir. Çünki talyp bolup professor-mugallymlarymyzyň Milli Liderimiziň bu ajaýyp eseriniň many-mazmunyny açýan sapaklaryna gatnaşmak ýaşlarda şöhratly taryhymyza bolan buýsanjy ösdürýär. Alym Arkadagymyzyň ajaýyp eserindäki: «Bu gadymy taryhly, baý medeniýetli halkyň şu gün özüniň beýik geljegini gurýandygyny dünýäniň wakalaryndan habardar edýän çeşmeler jahana ýaýýarlar. Şeýle hem dünýäniň syýasy giňişliginde eziz Türkmenistanymyzyň ady şan-şöhrata mynasyp bolýar» diýen sözleri bizi yhlasly okap, ylym dünýäsinde üstünliklere ýetmek ýaly beýik maksatlara atarýar. Gahryman Arkadagymyzyň bu ajaýyp eserindäki: «Gowy adam, mert ynsan diňe gowy zatlary görýär. Göwnüne nädürs gelýän ahwallary bolsa düzetmek üçin hereket edýär. Bu diýip-aýdylyp edilýän iş däl-de, terbiýe, özen» diýen setirler bizi Watanymyz, ilimiz üçin haýyrly işleri köp etmäge çagyrýar.

Jemile HOJAMMAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy hünäriniň talyby.
Beýleki habarlar