Öýlänçi «Mätäji hakyndaky hekaýalar» toplumyndan

7 Ýanwar 2021
1952

Günbatardan lemmer-lemmer bolup gelen çal bulut, Mätäji şahyryň üzümli dalbarynyň üstüne gelip, bolmajysy boldy. Irigöz elekden dökülýän ýaly ýagyş damjalary, üzüm ýapraklarynyň aýasynda oýun gurýardy. Ýaňy monjuk düzülen ýaly bolan üzüm hoşalary adaty bolmadyk şemalyň ugruna iki ýana hallan atýardy. Gunçasyny güjeňläp oturan almadyr armyt agaçlary başlaryny ýere goýup galdyraýjak ýaly hereket edýärdi. O diýen güýçli bolmadyk şemala tänip, ýere düşýän iki-ýeke ýapragy synlap duran şahyr, tebigatyň bu oýnuna nebsagyryjylyk bilen başyny ýaýkaýardy:

—Älhepus, beýle-de bir bişeýkellik bolar eken-ow. Ýeri, gurbany boldugym, asudalyk bilen ýagaýaň-da, näme seniň edeniňe däl diýjek barmy?!

Nowruz GURBANMYRADOW.
Beýleki habarlar