Türkmeniň kalbynda orun alan milli göreş

24 Dekabr 2024
57

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024

Pälwançylyk, göreş tutmaklyk türkmen halkynyň durmuşynda asyrlarboýy ähmiýetli orny eýeläp, ol sungat derejesine ýetirilendir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sportuň göreş görnüşleriniň, esasan hem, türkmen milli göreşiniň ösmegi, giň gerimde ýaýbaňlanmagy üçin döwletimizde ähli şert-mümkinçilikleriň döredilmegi ata-babalarymyzdan gelýän ýörelgäniň mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Sportuň göreş görnüşleri boýunça dünýä, yklym, sebit derejelerindäki iri ýaryşlary geçirmek hukugyna birnäçe gezek biziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň mynasyp görülmegi bolsa pederlerimizden dowamat-dowam bolup gelýän türkmen milli pälwançylyk ýolunyň halkara derejede ykrar edilmesidir. Ata-babalarymyz tarapyndan sungat derejesine ýetirilen türkmen göreşi barada toplan aşakdaky maglumatlarymyz hem onuň dünýäde meşhur bolýan häzirki günlerinde sizi biparh goýmaz diýip pikir edýäris.

Taýýarlan Aşyrberdi Gurbanow.
Beýleki habarlar