Şatlyk-şowhuna beslendi

19 Dekabr 2024
111

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly belent sepgitleri, şanly wakalary bilen tamamlanyp barýar. Güneşli Diýarymyz toý-baýramlary bilen bagtyýarlygyň mekanyna öwrülýär. Şanly ýylymyzyň ýene bir baýramçylygyna — Täze ýyl baýramyna taýýarlyk çäreleri giň gerime eýe bolýar.

Etrabymyzdaky “Bagtyýar türkmen” toý mekanynda geçirilen baýramçylyk dabarasam şeýle çäreleriň biri boldy. TKA-nyň etrap birleşmesiniň TDP-niň etrap komiteti, TMÝG-niň etrap geňeşi bilen bilelikde guran baýramçylyk çäresine ady agzalan syýasy partiýanyň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, önümçiligiň öňdebaryjylary, ýaşuly nesliň wekilleri we ýaşlar gatnaşdylar. Dabarada TDP-niň etrap komitetiniň hünärmeni Fatima Ibragimowa, TMÝG-niň etrap geňeşiniň hünärmeni Ogulbagt Amanmyradowa, etrap medeniýet bölüminiň işgäri, KA-nyň işjeň agzasy Enejan Kadyrowa we beýlekiler çykyş etdiler. Olar ýygnananlary ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygy bilen gutlap, tamamlanyp barýan ýylda döwlet Baştutanymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler dogrusynda gürrüň etdiler. Täze ýylda öňümizde durýan täze wezipeler hakynda, şeýle hem Täze ýyl baýramçylygyny mynasyp garşylamak maksady bilen görülýän çäreleriň üstünde durup geçdiler. Aýdymçy-sazandalaryň we tansçylaryň şowhunly çykyşlary bilen utgaşan dabara şatlyk-şowhuna beslendi.

Beýleki habarlar