Zer öwüşginli Aşgabat

18 Dekabr 2024
94

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýändigini, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, merjen şäherimiz Aşgabadyň ösüşleri, gazanýan üstünlikleri hem aýdyň görkezýär. Ýurdumyzyň baş şäheri Aşgabat günsaýyn gözel görke gelip, dünýäniň nusgalyk şäherleriniň hatarynda özüniň mynasyp ornuny tapýar. Täze ýyl baýramynyň golaýlap gelmegi bilen, şu günler Aşgabadymyz has-da gözel görke eýe bolýar. Ýol-ýodalaryň gyralarynda ösüp oturan ýaşyl arçalar, bag-bakjaly seýilgähler al-ýaşyl yşyklar bilen örtülip, töwerege ýalkym saçýar. Barha golaýlaýan Täze ýyl baýramçylygy bilen utgaşyp, toý lybasyny geýen ak mermerli gözel paýtagtymyzyň ajaýyp gözelliklerini synlap, gezelenje çykmak kalba diýseň täsir galdyryjy pursatlary bagyşlaýar. Owadan keşbi bilen ynsanlara ruhy lezzet paýlaýan Aşgabadyň bu günki gün gije-gündiz öwşün atyp duran lowurdyly bezegleri Täze ýylyň waspyny ýetirýär. Gözel paýtagtymyzda ýerleşýän, şatlyk-şowhuna beslenýän baýramçylygyň ýüzüniň tuwagyna öwrülen «Älem» medeni-dynç alyş merkezi, göýä jenneti mekany ýatladyp, ýalkym saçyp dur. Bu ýeriň gözel görki, al-elwan açylyp oturan gülleri, gyşyň çyglyja arassa howasy tebigat tämizligini jemläp, şäher gözelligi bilen sazlaşyp, merjen şäherimiziň gözellikleriniň üstüni ýetirýär. Gözel paýtagtymyzyň dünýä nusgalyk keşbini, Täze ýyl joşgunyny synlan pursatyňda ajaýyp zamanany, gözellik mekanyny döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan ýürek buýsanjyň belende galýar.

Goý, mydama Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzy toý-baýrama besleýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

Tirkeş GUZUÇYÝEW,
Görogly etrabyndaky 9-njy orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar