Mertlik mekdebinde «alp» düşünjesi

18 Dekabr 2024
201

Gahryman Arkadagymyz «Mertler Watany beýgeldýär» atly ajaýyp eserinde: «Ata-babalarymyz mertlik, lebzihalallyk, kasama wepalylyk meselesini asyrlardan-asyrlara geçirip, nesilleri terbiýeläpdir. Şol terbiýe bilen hem ilini-ýurduny gorapdyr. Ata-babalarymyzyň durmuşynda il-ýurdy goramak ilkinji orunda goýlupdyr» diýip belleýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýan edişi ýaly, milli taryhymyzyň gatbar-gatbar sahypalarynda ata-babalarymyzyň merdi-merdanalyk, gaýduwsyzlyk häsiýetleriniň waspy aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar.

Pederlerimiziň ynsanperwerligi, parahatçylyk söýüjiligi bilen bir hatarda, ene topragy, agzybirligi, halkyň asudalygyny goramakda şirin jandan geçmek ýaly mukaddes taglymatlarynyň bolandygy äşgärdir. Il içinde şol mertleriň gahrymançylygyny wasp edip, dürli atlary dakmak bolsa, Oguz han döwründen gelýän milli dessurymyzdyr. «Kitaby Dädem Gorkutda» ýaş ýigitleriň göze deger bir iş bitirenden soňra at alýandyklary Bogaç hanyň mysalynda görkezilýär. Ýagny Bogaç han öküziň maňlaýyna ýumruk atyp, ýere serenden soňra şeýle ada eýe bolupdyr. Oňa «Bogaç» adyny hut Gorkut atanyň özi dakypdyr. Munuň terbiýeçilik ähmiýetinde mertlige, gaýduwsyzlyga ruhy itergi duýulýar.

Aziz HASANOW,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň uly mugallymy, maýor.
Beýleki habarlar