Kitap – durmuşyň aýnasy

9 Dekabr 2024
124

Kitaplar geçmişde ýaşan ata-babalarymyzyň taryhy paýhaslaryny, tejribelerini, häzirki döwürde gazanylan üstünlikleri we olara eltýän ýollary öz gursaklarynda saklap, okyjylara dogry ýola gönükdiriji sapak berýärler. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly ikinji kitaby şu sözler bilen başlaýar: “Kitap dünýäni açýar. Aslynda, dünyä kitaba öwrülmek ücin ýaşaýar. Kitaplar asyrlaryň taryhyny, durmuşyny, ruhuny özüne siňdirýändigi bilen şöhratlanýar. Çünki kitap döwrüň waspçysy, paýhas ummany”. Kitaplar geçmiş bilen geljegiň arasyndaky baglanyşygy saklap duran bahasyz miras hasaplanylýar. Her okalan kitap bizi bir basgançak ýokary galdyrýar. Kitap - paýhasly sözden bina edilen köşk. Bu köşgi gyşyň ýeli hem, ýazyň ýagşy hem bozup bilmez. Bu köşge seýran etmek ömre many çaýjak parasatlaryň we pursatlaryň arasynda gezim etmekdir.

Kitabyň ähmiýeti, peýdasy gadymyýetden bäri mälim. Çagalykdan aňymyza siňen ertekidir rowaýatlarda, nakyldyr matallarda kitabyň edil çörek ýaly mukaddes  zatdygy öňe sürülýär. Taryhyň dürli döwürlerinde türkmeniň taryhy we medeniýeti barada köpsanly eserler ýazylyp, miras galdyrylypdyr. Elbetde, kitap ýazmaklygyň möhüm bolşy ýaly, kitaby halk köpçüligine ýetirmek hem möhüm bolupdyr.

Bibinar RAZAKOWA,
Çärjew etrabynyň 51-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy, Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň işjeň agzasy.
Beýleki habarlar