Asudalygyň keşbi

9 Dekabr 2024
187

Döredijilik bilen meşgullanýan ynsanyň döreden parahatçylyk eserleri halklary asuda durmuşa çagyrýan jarçyny ýadyňa salýar. Şeýle parahat durmuşy, abadançylygy reňkli galamlaryň we boýaglaryň sazlaşykly öwüşginlerinde şekillendirýän suratkeşleriň eserlerinde görmek bolsa has-da täsirli.

Parahatçylyk eserleri barada gürrüň açylanda, ussat suratkeş, heýkeltaraş, dizaýner, şeýle-de, kubizmi (şekillerde geometrik formalary ulanmak arkaly surat çekmek) esaslandyryjylaryň biri bolan Pablo Pikassony ýatlaman geçmek mümkin däl. Pikasso dünýäde parahatçylygy, asudalygy, adamlaryň arasyndaky hoşniýetli gatnaşygy pugtalandyrjak sungat eserleriň awtorydyr. Ol 1881-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Ispaniýanyň Malaga şäherinde doglup, 1973-nji ýylda Fransiýanyň Mužen şäherinde aradan çykýar. Ussat suratkeş dünýäde gaýtalanmajak sungat eserleriniň onlarçasyny döredipdir. «Gernika», «Aglaýan zenan», «Düýş», «Aýnaň garşysyndaky gyz» ýaly surat eserleri olaryň käbirleridir.

Taýýarlan Bägül BAÝRAMOWA,
Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebiniň talyby.
Beýleki habarlar