Durmuşymyzyň aýnasy

4 Ýanwar 2021
2126

Hormatly Prezidentimiz kitap barada: «Kitap ähli döwürlerde islendik ýaşdaky adamy ruhubelentlige, ýüregini buýsanja, kalbyny ýaşaýşa bolan söýgä besleýär. Ol biziň geçmişimiz hem geljegimizdir» diýip belleýär. Döwlet Baştutanymyzyň ynsanperwer syýasatyny, il-ýurt bähbitli işlerini wagyz-ündew etmekde, ýaşlary belent ruhly, watansöýüji nesiller edip terbiýeläp ýetişdirmekde maksada okgunly işleri alyp barýarys. Çeper eserleriň üsti bilen ýaşlarda milliligi, ýokary ahlaklylygy, medeniýetliligi terbiýelemek biziň esasy maksadymyz hem borjumyz bolup durýar. Şonuň üçin biz — kitaphanaçylar okyjylaryň arasynda medeni-köpçülik çärelerini yzygiderli geçirip durýarys, edebiýat agşamlaryny, kitap sergilerini guraýarys.

Arkadag Prezidentimiziň ýiti zehininden çykan eserleri ösüp gelýän ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir. Milli Liderimiziň ýurt Garaşsyzlygymyzy, baky Bitaraplygymyzy wasp edýän eserlerini okyjylar köpçüligine tanyşdyrmakda we wagyz-ündew etmekde yhlasymyzy aýamarys. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň bagtyýar durmuşy ugrunda taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Maksat GELDIÝEW,
Türkmenbaşy etrap merkezi kitaphanasynyň Belek şäherçe kitaphana şahamçasynyň kitaphanaçysy.
Beýleki habarlar