Bedenterbiýe we sport

22 Noýabr 2024
253

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedenterbiýäniň hemde sportuň, sagdyn durmuş ýörelgesiniň ähmiýetini giňden wagyz etmek boýunça çäreler ýurdumyzyň ähli ulgamlaryny gurşap alýar. Şeýle çäreleriň biri hem ýakynda Aşgabat dokma toplumynyň mejlisler zalynda geçirilip, ol toplumyň Magtymguly adyndaky ilkinji ýaşlar guramasy tarapyndan guraldy.

«Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar» diýen at bilen ýaýbaňlandyrylan çärede çykyş eden il sylagly ýaşululardyr kümüş saçly eneler ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek ugrunda durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň ähmiýetinden söz açdylar. Çykyşlarda bedenterbiýäniň hem sportuň ynsan saglygyna ýetirýän oňyn täsiri ýerlikli delilleriň üsti bilen düşündirildi.

Beýleki habarlar