«Kitap marafonunyň» ýeňijileri sylaglanyldy

17 Noýabr 2024
240

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabyndaky «Biz kitaphon jemgyýeti kemala getirmelidiris. Munuň üçin dünýä tejribesinden nusga alyp, öz tejribelerimizi peýdalanyp, käbir zatlary has kämilleşdirip, milli öwüşginler bilen baýlaşdyryp bileris. Ýurdumyzda her ýylda kitap okamagyň biraýlygyny yglan etsek, has göwnemakul bolardy» diýen çuňňur manyly sözlerinden ylham alyp, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň «Ýaş alymlar geňeşiniň» guramagynda ýurdumyzyň talyplarynyň we magistrleriniň arasynda 2024-nji ýylyň 13-nji oktýabryndan 13-nji noýabry aralygynda «Kitap marafony» geçirildi. Ýaşlarda kitap okamak endigini ösdürmek, pikirlenmegi we hyýaly düşünjeleri kämilleşdirmek, döredijilik ukybyny, söz baýlygyny artdyrmak maksady bilen geçirilen bäsleşige ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden 336 sany gatnaşyjy hasaba alyndy. Bäsleşik iki tapgyrdan ybarat bolup, 13-nji noýabrda onuň jemi jemlenildi we ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Tapawutlanan gatnaşyjylar bäsleşigiň ýeňijileri diýlip yglan edildi. Olara Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Yhlas HALLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.
Beýleki habarlar