Bagy-bossan Diýarym

15 Noýabr 2024
234

9-njy noýabrda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berildi. Ählihalk bag ekmek dabarasy guramaçylykly geçirilip, hakyky zähmet baýramçylygyna öwrüldi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň güýzki bag ekmek möwsümine badalga bolan nobatdaky asylly çärä ildeşlerimiz uly hyjuw bilen gatnaşdy.

Döwlet Baştutanymyzyň tutuş ýurdumyz boýunça ýaýbaňlandyrylan bu asylly çärä gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy. Mälim bolşy ýaly, ata-babalarymyzdan miras galan daşky gurşawa aýawly garamak ýaly milli däplerimiz häzirki döwürde aýratyn uly ähmiýete eýe bolýar. Her ýyl ýurdumyzda ählihalk bag ekmek çäreleri geçirilip, dürli görnüşli bag nahallarynyň ýüz müňlerçesi ekilýär. Olaryň ösüp ulalmagy bilen, jana şypaly, arassa howaly türkmen topragy bagy-bossanlyga bürenip, halkymyzyň tebigata bolan söýgüsini has-da artdyrýar. Ýurdumyz ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, Howanyň üýtgemegi barada Milli strategiýada we Milli tokaý maksatnamasynda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça yzygiderli işleri amala aşyrýar. Şu gezekki bag ekmek çäresine gatnaşyjylaryň tutanýerli zähmeti halkymyzyň synmaz bitewüliginiň we jebisliginiň, asylly işlere pugta ygrarlydygynyň, ata-babalarymyzyň köpasyrlyk däpleriniň häzirki döwürde üstünlikli ösdürilýändiginiň aýdyň beýany boldy. Ýurdumyzyň ähli ýerinde bag nahallaryny ekmek bilen bir hatarda, ozal ekilen hem-de boý alan baglara ideg etmek işleri hem geçirildi.

Beýleki habarlar