Belent maksatlar bi­len ro­waç gel­je­ge

14 Noýabr 2024
244

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 8-nji noýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça gündelik wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mej­li­siň ba­şyn­da mil­li par­la­men­tiň ýol­baş­çy­sy şu ýy­lyň ýan­war — okt­ýabr aý­la­ryn­da ýur­du­my­zyň ka­nun­çy­ly­gy­ny kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­ler ba­ra­da mag­lu­mat ber­di. Soň­ra yk­dy­sa­dy­ýe­tiň pu­dak­la­ry­na, ylym-bi­lim, sport, me­de­ni­ýet ul­gam­la­ry­na gö­zeg­çi­lik ed­ýän wi­se-prem­ýer­le­riň ha­sa­bat­la­ry diň­le­nil­di. De­giş­li ha­sa­bat­dan mä­lim bol­şy ýa­ly, mak­sat­na­ma­la­ýyn çä­re­le­riň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de, şu ýy­lyň on aýyn­da yk­dy­sa­dy­ýe­tiň äh­li pu­dak­la­ry­nyň we se­bit­le­riň dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün edil­di, hu­su­san-da, je­mi içer­ki önüm 6,3 gö­te­rim art­dy. Bu gör­ke­zi­ji se­na­gat pu­da­gyn­da 2,5 gö­te­ri­me, gur­lu­şyk­da 10,9 gö­te­ri­me, ulag-ara­gat­na­şyk pu­da­gyn­da 6,7 gö­te­ri­me, söw­da­da 9 gö­te­ri­me, oba ho­ja­ly­gyn­da 5,3 gö­te­ri­me, hyz­mat­lar ul­ga­myn­da 8,6 gö­te­ri­me deň bol­dy. 2023-nji ýy­lyň de­giş­li döw­ri bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, je­mi ön­dü­ri­len önüm 11,8 gö­te­rim art­dy. Ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­rü­ne gö­rä, şu ýy­lyň ýan­war — okt­ýabr aý­la­ryn­da bö­lek sa­tuw ha­ryt do­la­ny­şy­gy 12,5 gö­te­rim art­dy. Döw­let býu­je­ti­niň gir­de­ji bö­le­gi 102,8 gö­te­rim, çyk­da­jy bö­le­gi 97,7 gö­te­rim ýe­ri­ne ýe­ti­ril­di. Ýur­du­my­zyň iri we or­ta kär­ha­na­la­ryn­da or­ta­ça aý­lyk zäh­met ha­ky, 2023-nji ýy­lyň de­giş­li döw­rü­ne gö­rä, 10,5 gö­te­rim ýo­kar­lan­dy. Zäh­met hak­la­ry, pen­si­ýa­lar, döw­let kö­mek pul­la­ry we ta­lyp hak­la­ry öz wag­tyn­da ma­li­ýe­leş­di­ril­di. Ma­li­ýe­leş­dir­me­giň äh­li çeş­me­le­ri­niň ha­sa­by­na öz­leş­di­ri­len düýp­li ma­ýa go­ýum­la­ryň möç­be­ri, ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­ri bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, 25,2 gö­te­rim art­dy.

Beýleki habarlar