«Ýaşyl» ösüş boýunça tagallalara ygrarlylyk

14 Noýabr 2024
299

170-den gowrak ýurtda we sebitlerde iş alyp barýan Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy (UNDP) Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde dünýä döwletlerine ýardam bermek babatda-da möhüm orny eýeleýär. Bu düzüm indi 30 ýyla golaý wagt bäri BMG-niň Türkmenistandaky iň uly agentligi hökmünde ýurdumyzda üstünlikli iş alyp barýar.

Türkmen topragynyň baý tebigy serişdelerini netijeli dolandyrmak, «ýaşyl» ykdysadyýete geçmek üçin täze mümkinçilikleri peýdalanmak, howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde pes uglerodly we durnukly çözgütleriň toplumyny ornaşdyrmak arkaly milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmaga goşant goşmak özara gatnaşyklarda ileri tutulýan ugurlardyr. BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýanyň 10-11-nji noýabrda Daşoguz welaýatyna amala aşyran iki günlük iş saparynyň maksady hem degişli hyzmatdaşlyk maksatnamasynda ýurdumyzyň şu sebiti babatda bellenen wezipeleriň durmuşa geçirilişi bilen ýakyndan tanyşmakdan ybarat boldy.

Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar