Senagat özgertmeleri rowaçlanýar

12 Noýabr 2024
248

Golaýda bellenilen Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň barha ýokarlanýandygyny alamatlandyrýan birnäçe möhüm wakalara beslendi. Bu sene mynasybetli 3 — 5-nji noýabr aralygynda ýurdumyzyň gurluşyk, senagat önümçiligi, energetika, himiýa senagaty hem-de ýol gurluşygy pudaklarynda gazanylan üstünlikleri we geljegi uly ösüş meýilnamalaryny giňden ýaýbaňlandyran «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2024» atly halkara sergi hem-de «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahat guraldy. Bu giň gerimli çäreler bilen birlikde, Balkan welaýatynyň Etrek etrabynda güýjenmesi 220 kilowolt bolan «Etrek» elektrik bekedi we Aşgabat şäherinde güýjenmesi 110 kilowolt bolan «Bagyr» elektrik bekedi açylyp ulanmaga berildi.

Söwda-senagat edarasy, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi, «Türkmen energiýa forum» hojalyk jemgyýeti tarapyndan bilelikde guralan «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2024» atly halkara serginiň maksady gurluşyk, senagat we himiýa senagaty, energetika ýaly möhüm pudaklarda wajyp meseleleri hem-de geljegi uly taslamalary ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy. Sergide öňdebaryjy kompaniýalaryň, şeýle-de döwlet kärhanalarynyň döwrebap önümleri we hyzmatlary bilen tanyşdyrmaklary hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň ýola goýulmagyna giň mümkinçilikleri açdy. Onda, aýratyn-da, gurluşyk, senagat önümçiligi, energetika ýaly Türkmenistanyň uly mümkinçilikleri bolan ugurlaryna daşary ýurtly taraplar aýratyn gyzyklanma bildirdiler.

Tirkeş JUMADURDYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar