Welaýatymyzyň pagtaçylarynyň ajaýyp zähmet ýeňşi

11 Noýabr 2024
367

Uly zähmet üstünlikleri bilen şöhratlanýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 13 müň gektar meýdanda «ak altynyň» bereketli hasylyny ösdürip ýetişdiren welaýatymyzyň babadaýhanlary Hasyl toýunyň giňden bellenilýän günlerinde pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamasyny ýurdumyzda ilkinji bolup ýerine ýetirdiler. Olar 16 müň tonnadan gowrak «ak altyny» Watan harmanyna tabşyrdylar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň oba hojalyk pudagyny özgertmek boýunça başlangyçlarynyň häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Welaýatymyzyň edermen pagtaçylarynyň zähmet ýeňşi ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny ösdürmek, daýhanlaryň netijeli we öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin amatly şertleri döretmek boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreleriň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky güwäsidir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen amala aşyrylýan özgertmeleriň çäklerinde pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar, önümçilige oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga ýardam berýän innowasion usullar giňden ornaşdyrylýar. Munuň özi welaýatymyzyň zähmetsöýer babadaýhanlaryna bol hasyl ösdürip ýetişdirmekde uly ýardam edýär. Türkmen topragynyň sahawatyny, daýhanlaryň halal zähmete bolan söýgüsini alamatlandyran Hasyl toýunyň giňden bellenilen günlerinde welaýatymyzyň pagtaçylarynyň gazanan zähmet ýeňşi hem munuň aýdyň suburnamasy boldy.

«Balkan».
Beýleki habarlar