Nebitgaz ulgamynyň üstünlikleri

23 Oktýabr 2024
317

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow:
— Her ýyl geçirilýän bu forum ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ýollary, nebitgaz pudagyna täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, önümçiligi döwrebaplaşdyrmagyň häzirki zaman usullary barada pikir alyşmaga ýardam berýär.

Düýn Aşgabat şäherinde «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagy uly ruhubelentlik bilen diňlenildi. Döwlet Baştutanymyzyň «Biz ýangyç-energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygy netijeli ösdürýäris. Eksport mümkinçiliklerini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, köpugurly turba geçirijiler ulgamyny döretmek döwletimiziň energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir» diýen sözleri sergä gatnaşyjylarda uly ruhubelentlik döretdi.

«Aşgabat».
Beýleki habarlar