Röwşen eýýamyň beýik ösüşleri

23 Oktýabr 2024
305

Berkarar Diýarymyzyň ykdysady kuwwatynyň berkemegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilen ägirt uly tutumlaryň netijesini bu gün durmuşymyzyň ähli ugurlarynda aýdyň görmek bolýar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan taryhy özgertmelerini üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda berkarar döwletimiziň uly ösüşlere eýe bolýandygynyň we halkara abraýynyň has-da belende göterilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Dünýäniň ösen döwletleri bilen özara hyzmatdaşlyk esasynda gazanylýan ykdysady öňegidişliklerdir durnukly ösüş halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuş-ykdysady maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde obalarymyz, şäherçelerimiz hem-de şäherlerimiz uly ösüşlere eýe bolýar. Ýurdumyzyň kanunçylyk binýady yzygiderli kämilleşdirilýär, adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny goramak hem-de üpjün etmek boýunça netijeli işler toplumlaýyn durmuşa geçirilýär.

Aýgözel NAÝIPOWA,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.
Beýleki habarlar