Göteriji buraw desgasynyň hyzmaty

23 Sentýabr 2024
427

«Türkmengaz» döwlet konserniniň gazçylary Hytaý Halk Respublikasynyň öňdebaryjy «Jereh» kompaniýasyndan satyn alnan täze, innowasion tehnologiýaly, kuwwatly göteriji buraw desgalaryny ulanyş guýularyny bejermekde ýokary öndürijilikli işledýärler. Gaz bermesi has çylşyrymlaşan guýularda abatlaýyş işlerini alyp baryp, ony öz wagtynda hem-de ýokary hilli geçirmek üçin niýetlenilen göteriji buraw desgalarynyň biri «Marygazçykaryş» müdirliginiň guýulary ýerasty we düýpli abatlaýyş sehine bölünip berildi. Şol buraw desgasy häzirki wagtda müdirligiň Günbatar Şatlyk gaz käniniň gaz bermesini peselden 116-njy belgili ulanyş gaz guýusynda bejeriş-abatlaýyş işlerini geçirmekde işledilýär.

Gaz ýataklarynda «mawy ýangyç» bermesini peselden we has çylşyrymlaşan guýularda bejeriş-abatlaýyş işleri geçirilende turbalary guýa goýbermek, ýokary galdyrmak we beýleki tehnologik işleri gysga wagtda, çalt ýerine ýetirip bilmegi göteriji buraw desgasynyň bejeriş işlerini çaltlandyrmakdaky hem-de ykdysady babatdaky bähbitli aýratynlygydyr.

Sapardurdy ÝAÝLYÝEW,
«Nebit-gaz».
Beýleki habarlar