Baýramçylyk joşgunyna beslenen dabaralar

23 Sentýabr 2024
520

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda giňden bellenilýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli geçirilýän dabaralar uly ruhy joşguna beslenýär. Welaýat kitaphanasynda «Garaşsyzlyk – parahatçylygyň we dostlugyň gözbaşy» diýen şygar bilen geçirilen «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik hem täsirli pursatlara baý boldy. Welaýat Medeniýet müdirligi bilen welaýat kitaphanasynyň guramagynda geçirilen söhbetdeşlige kitaphana işgärleri gatnaşdylar.

Söhbetdeşligiň dowamynda çykyş edenler Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen sepgitler barada buýsançly gürrüň etdiler. Şeýle hem çykyşlaryň dowamynda Garaşsyzlygyň parahatçylygy, dost-doganlygy berkitmekdäki ähmiýeti barada aýratyn durlup geçildi.

Beýleki habarlar