Bilim daragtynyň saýasynda

22 Sentýabr 2024
667

Mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllyk baýramyny giňden belleýän Türkmenistan Watanymyz ösüşleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Berkarar döwletimiziň ähli mümkinçilikleri öňde goýlan belent maksatlara ýetmegiň, ýurdumyzyň her bir raýatynyň, tutuş halkymyzyň bagtyýar we eşretli durmuşyny üpjün etmegiň anyk ugurlaryna gönükdirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Watanymyzyň halkara abraýy artyp, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesi ýokarlanýar. Ösüşiň täze tapgyrynda alnyp barylýan syýasatyň özenini Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgesi kesgitleýär. Anyk we ähli zady öz içine alýan bu taglymat hormatly Prezidentimiziň asylly, ynsanperwer maksatlarynyň many-mazmunyny hem-de ýurdy mundan beýläk-de sazlaşykly, okgunly ösdürmegiň esasy şertini emele getirýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda bolup geçýän durmuş-ykdysady özgertmeler, innowasion ösüşiň ýoluna gadam basylmagy, durmuşyň we önümçiligiň ähli ugurlaryna ylmyň gazananlarynyň ornaşdyrylmagy ýaşlaryň diňe bir giň nazaryýet gözýetimini däl-de, eýsem, dürli görnüşdäki hünär wezipelerini çözmäge döredijilikli çemeleşmegini talap edýär. Ylmyň we tehnologiýalaryň häzirki ösýän döwründe sagdyn, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, zähmetsöýer, watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň belent kadalaryna ygrarly nesli terbiýelemek mugallymlaryň we bilim işgärleriniň esasy wezipesi bolup durýar. Eziz Watanymyzda ýaş nesiller we olaryň röwşen geljegi hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzyň ähli künjeginde, paýtagtymyz Aşgabatda we Arkadag şäherinde ähli amatlyklar döredilen çagalar baglary, umumybilim berýän orta, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň döwrebap binalary ýylyň-ýylyna yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýär. Okamak, bilim almak bilen bir hatarda, ýaşlara sagdyn durmuş ýörelgesini özleriniň hemişelik hemrasyna öwürmäge, sagdyn we ruhubelent bolmaga, sportuň islendik görnüşi bilen meşgullanmaga giň gerimli mümkinçilikler döredilýär. Bu ugurda häzirki zaman sport toplumlary, dynç alyş-sagaldyş merkezleri olaryň hyzmatynda. Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanýan, eşretli zamandan ruhlanýan, döwrebap bilim alyp, ylymlar dünýäsine çuňňur aralaşýan türkmen ýaşlarynyň gadamlary batly, ruhlary belent, maksatlary aýdyň.

Hurma SAPARDURDYÝEWA,
Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar