Türkmenbaşy etrabynyň çäginde ýerleşýän kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň, şeýle hem etrabyň ýaşaýjylarynyň dykgatyna!

Balkan welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi hem-de Türkmenbaşy etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2024-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda etrap bilim bölüminiň edara binasynda sagat 10:00-dan 12:00-a çenli ilata boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýärler.

Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini, işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.

Beýleki habarlar