Beýik tutumlaryň döwri: oňyn hyzmatdaşlygyň täze sepgitleri

17 Sentýabr 2024
509

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda türkmen bitaraplygynyň ykdysady ugruna möhüm ähmiýet berilýär, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösüşi, özara peýdaly daşary ykdysady-söwda gatnaşyklaryny ösdürmek üçin zerur şertler döredilýär. Türkmenistanyň Bitaraplygy daşary ýurtlardaky hyzmatdaşlarymyza deňhukukly gatnaşyklary üpjün edýär, şunda özara bähbitli, ykdysady-täjirçilik taýdan esaslandyrmak, ýurdumyzyň däplerine we kanunlaryna hormat goýmak kesgitleýji şert bolup durýar. Bitarap döwlet hökmünde halkara derejämizden gelip çykýan anyk ýörelgelere esaslanyp, uzak möhletleýin daşary ykdysady strategiýamyz, oňyn dünýägaraýyş, BMG-niň Tertipnamasyna we halkara-hukuk kadalaryna ygrarlylyk Türkmenistanyň gatnaşmagynda amala aşyrylýan halkara taslamalarynda doly beýanyny tapýar. Şolaryň maksady diňe bir ykdysady-täjirçilik bähbit bilen däl, eýsem, döwletleriň ýakynlaşmagyny üpjün etmek hem-de olaryň arasyndaky gatnaşyklarda ynanyşmak we aýdyňlyk ýagdaýyny döretmek meýli bilen şertlendirilendir.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak patasy bilen ençeme iri möçberli şeýle taslamalara badalga berilmegi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň, oňyn bitaraplyk ýörelgelerine ygrarlylygyň, ata-babalarymyzyň gurmagyň, döretmegiň sogap işdigine ynanyp, nesillere geçiren döwletli ýörelgeleriniň dowamat-dowamdygynyň aýdyň beýanydyr. Ine, 11-nji sentýabrda bir günde ýedi sany iri taslama badalga berilmegi geljekde sebitara hyzmatdaşlygynyň täze derejelere çykarylmagynda taryhy ähmiýetli waka boldy. Mary welaýatynda düýbi tutulan «Şatlyk-1» gaz gysyjy desgasy türkmen tebigy gazyny dünýä bazarlaryna çykarmakda möhüm desgalaryň hatarynda aýratyn ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň 30-njy awgustda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde gol çeken Kararyna laýyklykda, bu desganyň taslamasyny düzmek we gurmak, ony zerur enjamlar bilen üpjün etmek hem-de işe girizmek işleri «Çalik Enerji Sanayi ve Tiсaret A.Ş.» kompaniýasyna ynanyldy. Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly «Şatlyk-1» gaz gysyjy desgasynda gurluşyk işlerine başlamaga ak pata berdi. Döwrebap enjamlary ornaşdyrylyp guruljak «Şatlyk-1» gaz gysyjy desgasyna mawy ýangyç «Galkynyş», «Döwletabat», «Ýaşlar» gaz känlerinden getirilip, desganyň geçirijilik ukyby ýylda 30 milliard kub metre deň bolar.

Oguljemal NURMYRADOWA,
«Ahal durmuşy».
Beýleki habarlar