Möhüm ähmiýetli waka

13 Sentýabr 2024
53

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda möhüm ähmiýetli waka bolup, taryhy ýylyň toý-baýramly günleriniň üstüni ýetirer.

Halk Maslahatynyň mejlisinde ýetilen sepgitlere ser salnyp, öňde durýan möhüm wezipeler kesgitleniler. Döwlet ähmiýetli, il-ýurt bähbitli meseleler ara alnyp maslahatlaşylyp, taryhy çözgütler kabul ediler. Ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda toplan taryhy tejribesini özünde jemleýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi halkymyzyň agzybirligini, bitewüligini, jebisligini berkidip, asyrlar aşyp gelýän milli döwletlilik ýörelgelerimizi dabaralandyrmakda uly ähmiýete eýedir.

Hudaýberdi ALLANAZAROW,
Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Kerki etrap geňeşiniň başlygy.
Beýleki habarlar