«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň wekilleri Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşdylar

12 Sentýabr 2024
12

Paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirilýän bu forumda maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň wekilleri forumyň plenar mejlisiniň dowamynda sanly ykdysadyýeti yzygiderli kämilleşdirmek maksady bilen onuň düzümine täzeçil usullary, intellektual ulgamlary ornaşdyrmak, olaryň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirip, halkara hukugyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine hem-de kadalaryna laýyk getirmek babatynda giňişleýin çykyş etdiler.

Beýleki habarlar