Bir kitaba jemlenen ömür pelsepesi

11 Sentýabr 2024
25

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň ählisi durmuş ähmiýetli, adamzat bähbitli we durky bilen ynsanperwerlige ýugrulandyr. Gahryman Arkadagymyzyň döwet galamyndan çykan “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly edebi-filosofiki eseri türkmen halkynyň geçen taryhy ýollaryny, ýeten belent sepgitlerini we milli ýörelgeleriniň ählisini özünde jemleýär. Bu kitap, her bir okyjy üçin düşnükliligi we many çuňňurlygy bilen gymmatlydyr.

Her bir ynsan kitap gatlaryna nazar salyp, geçmişiň tejribesini öwrenýär. Kitap asyrlarboýy adamzadyň kämillik çeşmesidir. Ynsanyň kämilligi okan kitaplaryndan, olaryň many gönezliginden iki esse artyk paýhasy döredermiş. Gahryman Arkadagymyz hem durmuş pelsepesiniň many maňzyny, aýratyn-da, ynsan ömrüniň hikmetini «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly ajaýyp eserinde aýdyň açyp görkezýär. Bu kitap, adamzat jemgyýeti üçin ýaşaýyş dogrusyndaky ruhy gymmatlyklary giňden beýan edip, bütin halkyň, hususan-da, türkmen ýaşlarynyň ýankitabyna öwrüldi.

Begenç Hannyýew,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň doktoranty.
Beýleki habarlar