Şanly ösüşleriň şuglasy

11 Sentýabr 2024
40

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan tutumly başlangyçlarynyň ählisi ýurdumyzyň ösüş ýollaryny nazarlaýan sepgitler bolup, olarda geljegimiz bolan ýaş nesliň bagtyýarlygyny üpjün etmegiň maksatlary göz öňünde tutulýar. Ýaşlaryň ädimme-ädim bilim basgançaklaryny geçip, göwün söýen hünärlerine eýe bolmaklary, durmuşda öz orunlaryny tapmaklary üçin ýurdumyzda amatly şertler döredilýär.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde her täze okuw ýylynyň başynda döwrebap bilim we terbiýeçilik edaralary açylyp, ulanylmaga berilýär. Birinji synpa okuwa barýan körpelere netbuk kompýuterleriniň sowgat berilmegi-de indi asylly däbe öwrüldi. Bu özgerişlikler ýaş nesliň innowasion tehnologiýalardan kämil baş çykarmaklaryna, döwrebap ösüş giňişligine aralaşmaklaryna, dünýäde täze ýüze çykýan hünärler bilen tanyşmaklaryna giň ýol açýar. Orta mekdeplere täze dersleriň girizilmegi bilen bir hatarda okuwçylaryň meýillerine we ukyplaryna laýyklykda bilim almaklary üçin anyk ugurlar esasynda sapaklar geçirilýär. Bu usulyň girizilmegi bilen ýokary synp okuwçylarynyň kesp-kär saýlamak mümkinçilikleri has-da artdy. Olaryň saýlap alan käri, hünäri boýunça bilim derejesini kämilleşdirmeklerine oňyn şert döredi. Okuw maksatnamasyna laýyklykda orta mekdeplerde türkmen, rus, iňlis dilleri bilen birlikde nemes, ýapon, hytaý, pars dilleriniň çuňlaşdyrylyp öwredilmegi netijesinde daşary ýurt dillerini öwrenmeklige höwesek ýaşlaryň sany barha artýar. Ýokary okuw mekdebiniň talyby diýen ada eýe bolan ilkinji günlerinden öz saýlap alan ugurlary boýunça ukyp-başarnyklary, kämil bilim derejesi bilen tapawutlanýan ýaşlaryň sanynyň agdyklygy milli bilim özgertmeleriniň oňyn netijesidir.

Lälezar ARSLANOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.
Beýleki habarlar