Türkmenistanyň Maýa goýumy forumy -2024: Türkmenistanyň ykdysady ösüşi 6.3 göterim derejede saklanýar

11 Sentýabr 2024
20

2023-nji ýylyň we 2024-nji ýylyň birinji ýarymynyň netijeleri boýunça, Türkmenistanyň ykdysady ösüşi 6.3 göterim derejede saklanýar we ol köp babatda haryt öndürýän pudaklaryň önümçiliklerini ýokarlandyrmak arkaly üpjün edilýär. Bu barada Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýew Türkmenistanyň Maýa goýumy forumynda eden çykyşynda belläp geçdi.

Şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň Maýa goýumy forumy öz işini başlady. Forumyň “Türkmenistanyň ykdysady ösüşi we maýa goýum mümkinçilikleri” atly plenar mejlisinde maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýew Türkmenistanyň ykdysady ösüş mümkinçilikleri barada maglumat berdi.

Beýleki habarlar