«7/24.tm»:№37 (224) 09.09.2024
Her ýylyň 1-nji sentýabry Bilimler we talyp ýaşlar güni hökmünde dabaralanmak bilen ýene bir şanly waka başlangyç berýär. Bu ýerde gürrüňiň «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk hakynda barýandygyny duýan okyjylar onuň jemgyýetde möhüm ähmiýete eýedigine düşünýändirler. Şonuň üçin hem däbe öwrülen çäre bütin ýurdumyzda giňden bellenilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2013-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk 30-njy sentýabra çenli dowam edýär.