Watanperwerlik mekdebiniň dowamaty

4 Sentýabr 2024
428

Sahawatly güýz. 1-nji sentýabr — Bilimler we talyp ýaşlar gününiň bellenilýän güni her birimiziň kalbymyzy süýji duýgulara, nurana umytlara, ajaýyp arzuwlara hem ýakymly ýatlamalara besledi. Täze okuw ýylynyň ilkinji gününiň täsiri ähli okuwçylar, talyplar, mugallymlar üçin üýtgeşikdir welin, bu günüň ýakymy harby okuwçylar üçin has-da ajaýyp boldy. Hormatly Prezidentimiz, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze binalar toplumynyň açylmagy Watan goragyna höwesli ýaşlarymyzy täze üstünliklere ruhlandyrdy.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, durmuşyň asyl manysy Watany goramak boýunça mukaddes we beýik borja wepaly bolmakda, Watany söýmekde jemlenýär. Şoňa görä-de, ata-babalarymyzyň parasatly ýörelgeleri esasynda ýaş nesli ýokary watançylyk, wepalylyk, ata Watanyň, halkyň geljegi üçin jogapkärçilik ruhunda terbiýelemek, ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi üçin ähli zerur şertleri döretmek, olaryň häzirki zaman bilimlerini ele almaklary — parahatçylyk we döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydyr.

Nabat NURGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň psihology, maýor.
Beýleki habarlar