TULM deslapky maglumat-üstaşyr deklarasiýalary resmileşdirmek boýunça hyzmatlary ýerine ýetirýändigini habar berýär

2 Sentýabr 2024
30

«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkmenistanyň Dowlet gümrük gullugynyň «Türkmenistanyň gümrük çägine getirilmegi göz oňünde tutulýan harytlar barada deslapky maglumatyň düzümi, ony bermegiň we ulanmagyň tertibine» laýyklykda, Türkmenistanyň çägine awtomobil, demir ýol ulaglary arkaly getirilmegi (şol sanda üstäşyr geçirilmegi) göz öňünde tutulýan harytlaryň gümrük resmileşdirilmeleri bilen bagly amallary kämilleşdirmek, ýönekeýleşdirmek hem-de tizleşdirmek maksady bilen şertnamalary baglanşyp, deslapky maglumat-üstaşyr deklarasiýalary (DM) resmileşdirmek boýunça hyzmatlary tölegli esasda (nagt, nagt däl) ýerine ýetirýändigini habar berýär.

Hyzmatlardan peýdalanmaga isleg bildiren halatyňyzda, ýokarda agzalan ulag serişdelerinde getirilmegi göz öňünde tutulýan harytlaryň ýurdumyzyň çägine gelmezinden mümkin boldugyça uzak wagt öňünden ýa-da azyndan 12 (on iki) sagat galanda aşakda görkezilen maglumatlaryňyzy elektron poçta arkaly (dm@tulm.tm) ugradyp bilersiňiz.

Beýleki habarlar