Ynsanperwerlige ruhlandyrýan ýörelgeler

29 Awgust 2024
82

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe çagalar hormatly Prezidentimiz tarapyndan aýratyn alada we goldaw bilen gurşalyp, olaryň hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň 27-nji awgustda Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň taryhy pursatlary hem çagalaryň sagdyn gurşawda ulalmaklary, kämil şertlerde bilim almaklary üçin  döwletimiziň alyp barýan  yzygiderli tagallalaryny dabaralandyrdy.

Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň martynda Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary esasynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek babatda ýurdumyzda we halkara derejesinde belent ynsanperwerlige mahsus işleri yzygiderli durmuşa  geçirýär.

Hajymämmet NURYÝEW,
Aşgabat şäher kazyýetiniň başlygy.
Beýleki habarlar