Halk Maslahaty — asylly ýörelgeleriň rowaçlanmasy

29 Awgust 2024
98

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz gün-günden ösýär, özgerýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her güni bizi jemgyýetimiziň durmuşynda bolup geçjek möhüm waka — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine ýakynlaşdyrýar. Demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde halk häkimiýetini amala aşyrmakda, ýurdumyzyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini, türkmen halkynyň bagtyýar, abadan durmuşyny üpjün etmekde ýokary wekilçilikli edara bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işi iňňän uly ähmiýete eýedir.

Bilşimiz ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyz şu ýylyň 12-nji iýulynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň baýramynyň bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljekdigini aýdyp, bu möhüm waka häzirden düýpli taýýarlyk görmegiň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň kabul eden kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini ak şäherimiz Aşgabatdaky Maslahat köşgünde şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirmek bellenildi.

Röwşen MAKSATMYRADOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar