Buýsanjymyzyň çägi ýok

28 Awgust 2024
517

Gurluşyk babatynda amala aşyrylýan bimöçber giň gerimli syýasatyň ygtybarly, berk binýady gurlan binalaryň we desgalaryň uzak möhlete hyzmat etmegini, ilatyň ýüze çykyp biläýjek tebigy we tehnogen hadysalara garşy dessin goragyny üpjün etmek döwrüň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Şol bir wagtda ýurdumyzda bu ugurdan ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak has wajypdyr. «Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda maňa ýurdumyzyň baýry ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Raýat goranyşy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby bolmak bagtynyň miýesser edendigi üçin tüýs ýürekden buýsanýaryn. Nesip bolsa, institutyň häzirki zaman we döwrebap binalarynda, multimedia okuw otaglarynda Raýat goranyşyň ulgamynda geçiriljek okuw sapaklaryny ýokary derejede özleşdirip, Raýat goranyşyň inçe tärlerini ele aljakdygymyzy ynandyrýaryn.

Eziz Watanymyzyň bagtyýar geljeginiň hatyrasyna we raýatlarymyzyň howpsuzlygy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän, Watanymyzyň at-abraýyny dünýä ýüzünde belende galdyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Belent Serkerdebaşymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli tutumlary hemişe rowaç bolsun!

Gapur ROZYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Raýat goranyşy fakultetiniň harby talyby.
Beýleki habarlar