Röwşen geljegimiziň şuglasy

27 Awgust 2024
668

Eziz Watanymyzyň her bir güni il-ýurt bähbitli ýatdan çykmajak şanly wakalara beslenýär. Ynha, sanlyja günden 2024 — 2025-nji täze okuw ýyly başlanar. Täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Bilimler we talyp ýaşlar güni belleniler. Bularyň ählisi ýurdumyzda ylym-bilime, bilimli ýaşlara uly üns berilýändigini, röwşen geljegimiz hakynda alada edilýändigini aýdyň beýan edýär.

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda ruhubelent, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly, edep-terbiýeli ýaşlary kemala getirmek hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Ylymly nesli terbiýeläp ýetişdirmek üçin bolsa, döwletimizde ähli mümkinçilikler döredilendir. Ýurdumyzda gurulýan orta mekdeplerdir beýleki bilim edaralary häzirki zaman enjamlary, multimedia tilsimatlary bilen üpjün edilýär. Munuň özi eziz Diýarymyzda ösüşlerimiziň we üstünliklerimiziň gözbaşy bolan ylym-bilimi ösdürmäge uly üns berilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Pederlerimiz ylymly-bilimli bolmak barada ençeme nakyllary döredipdirler, ylym-bilimiň ynsan durmuşynda örän wajypdygyny aýdyp geçipdirler. Ata-babalarymyzyň ylymly-bilimli bolmak baradaky ýol-ýörelgelerinden ugur almak bilen, häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär, ýaşlara bilim öwretmekde iň döwrebap ugurlar özleşdirilýär. Şunda bilim öwretmegiň, okatmagyň we ýaşlary ylmy işlere ugrukdyrmagyň täze usullary ýola goýulýar, bu babatda dünýä tejribesi öwrenilýär.

Suraý ORAZOWA,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar