Türkmen-täjik gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

26 Awgust 2024
78

24-nji aw­gus­t­da Türk­me­nis­ta­nyň we­ki­li­ýe­ti­niň Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­na sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry Ah­met Gur­ba­now bi­len Tä­ji­gis­ta­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Si­ro­jid­din Muh­rid­di­niň ara­syn­da du­şu­şyk ge­çi­ril­di.

Ta­rap­lar söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ryň hä­zir­ki ýag­da­ýy­na ba­ha be­rip, ulag, ener­ge­ti­ka, eko­lo­gi­ýa ýa­ly ugur­lar­da iki­ta­rap­la­ýyn we köp­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar. Şeýle-de Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Hat­lon we­la­ýa­ty­nyň Dus­ti et­ra­byn­da iki ýur­duň we hal­kyň dost-do­gan­ly­gy­nyň ny­şa­ny­na öw­rül­jek Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky umu­my­bi­lim ber­ýän or­ta mek­de­biň açy­ly­şy­na gö­rül­ýän taý­ýar­lyk ba­ra­da jik­me-jik pi­kir alyş­dy­lar.

Beýleki habarlar