Durnukly ösüşe ýetmekde ýaşyl ykdysadyýetiň orny

26 Awgust 2024
479

Türme­nis­tan baý we tä­sin ösüm­lik­dir haý­wa­nat dün­ýä­si bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Te­bi­ga­tyň eçi­len bu aja­ýyp gö­zel­li­gi­ni go­rap sak­la­mak, yl­my taý­dan çuň­ňur öw­ren­mek we gel­jek­ki ne­sil­le­re ýe­tir­mek hä­zir­ki döw­rüň esa­sy aý­ra­tyn­ly­gy­dyr. Şu jä­het­den hem ýur­du­myz ba­gy-bos­san­ly­ga bü­ren­ýär, te­bi­gat bi­len saz­la­şyk­da ýa­şa­ma­ga yh­las edil­ýär, te­bi­ga­ty go­ra­mak ba­bat­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän iş­ler bar­ha ro­waç­lan­ýar. Döw­le­ti­mi­ziň «ýa­şyl sy­ýa­sa­ty», şol san­da ýur­du­my­zyň äh­li kün­je­gi­ni gur­şap alan bag ek­mek mak­sat­na­ma­sy eko­lo­gi­ýa howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mä­ge, daş­ky gur­şa­wy go­ra­ma­ga, bio­dür­lü­li­gi sak­la­ma­ga hem-de re­je­li peý­da­lan­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir. Soň­ky dö­wür­de jem­gy­ýe­ti­miz­de eko­lo­gi­ýa ba­bat­da bi­lim­le­riň we eko­lo­gi­ýa me­de­ni­ýe­ti­niň dur­muş äh­mi­ýe­ti ýo­kar­lan­ýar, eko­lo­gi­ýa yl­my­nyň na­za­ry we ama­ly ugur­la­ry ös­dü­ril­ýär. Ýaş­la­ryň eko­lo­gi­ýa me­de­ni­ýe­ti­ni kä­mil­leş­dir­mä­ge we olar­da te­bi­ga­ta aýaw­ly ga­raý­şy ter­bi­ýe­le­mä­ge gö­nük­di­ri­len çä­re­le­riň top­lu­my­ny iş­läp taý­ýar­la­mak döw­rüň öňe sür­ýän we­zi­pe­si­dir. «Ýaş­lar ba­ra­da döw­let sy­ýa­sa­ty ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­nyn­da hem ýaş ra­ýat­lar­da eko­lo­gi­ýa me­de­ni­ýe­ti­ni we daş­ky gur­şa­wa aýaw­ly ga­raý­şy ter­bi­ýe­le­mek bo­ýun­ça de­giş­li çä­re­le­ri dur­mu­şa ge­çir­mek göz öňün­de tu­tul­ýar.

Kö­pet­da­gyň aja­ýyp dag ete­gin­de ýer­leş­ýän Ar­ka­dag şä­he­ri öň­de­ba­ry­jy, san­ly mag­lu­mat-ara­gat­na­şyk we «ýa­şyl» teh­no­lo­gi­ýa­la­ra esas­lan­ýan döw­re­bap «akyl­ly» şä­he­riň aý­dyň nus­ga­sy­dyr. Bu ýer­de eko­lo­gi­ýa ýa­ly mö­hüm ug­ra aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Şä­he­riň bi­rin­ji tap­gy­ryn­da­ky des­ga­la­ryň gur­lu­şy­gyn­da eko­lo­gik taý­dan aras­sa se­riş­de­ler ula­nyl­dy. Ar­ka­dag şä­he­ri­niň «Ýew­ro­pa­da Howp­suz­lyk we Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň se­bi­tin­de dur­nuk­ly, ýa­şyl, ho­wa üçin oňaý­ly we in­no­wa­si­on çöz­güt­li şä­her­le­ri ös­dür­mek» tas­la­ma­sy­na go­şu­lan­dy­gy ba­ra­da­ky gü­wä­na­ma­nyň be­ril­me­gi bu ul­gam­da öň­de goý­lan we­zi­pe­le­riň üs­tün­lik­li çö­zül­ýän­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär.

Aý­my­rat MU­HA­MOW,
Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň hal­ka­ra yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­lary fakultetiniň ta­ly­by.
Beýleki habarlar