Ýaşlar parahatçylygyň tarapdary!

27 Awgust 2024
129

Ýaşlar — ýurduň geljegi. Olar öz bilimdir başarnyklary bilen ykdysady ösüşlere goşant goşup, jemgyýetiň öňe gitmegine ýardam berýärler. Häzirki zaman dünýäsinde parahatçylygy we parahatçylyk medeniýetini pugtalandyrmakda ýaşlara uly orun berilýär. Birleşen Milletler Guramasy hem ýaş nesilleriň arasynda parahatçylyk, birek-birege hormat goýmak, özara düşünişmek ideallaryny has giňden ýaýratmaga çagyrýar. Şundan ugur alyp, guramanyň Türkmenistanda hereket edýän ýöriteleşdirilen düzümleri-de soňky wagtlarda ýaşlar bilen bagly wezipeleri alyp barýan işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwürdi. Golaýda BMG-niň paýtagtymyzdaky edara binasynda geçirilen okuw maslahaty-da munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Okuw maslahaty Ýaponiýanyň Hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilip, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň goldamagynda durmuşa geçirilýän «Merkezi Aziýada jenaýatçylykly ekstremizmiň öňüni almak üçin durnukly jemgyýetleri ilerletmek» atly sebitleýin taslamanyň çäginde ýurdumyzyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen hyzmatdaşlykda guraldy. «FutureSkills4All» başlangyjyna gatnaşýan ýaşlaryň üstünliklerine syn bermäge hem-de ýakynda yglan edilen «Ýaşlar we parahatçylyk» atly diwarlyklaryň bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamaga bagyşlanan bu çäre öz bilimdir başarnyklary bilen jemgyýetiň ösüşine goşant goşmaga höwesek ýaşlary bir ýere jemledi.

Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar