Sport — ýaşaýşyň gözelligi

23 Awgust 2024
548

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz ösüşleriň mekanyna öwrülýär, ähli ulgamlar bilen bir hatarda, sportda hem uly üstünlikler gazanylýar. Ýurdumyzyň sport ulgamyny ösen häzirki zaman talaplaryna laýyk getirmek, sporty we sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, halkara derejeli türgenleri hem-de tälimçileri taýýarlamak, bedenterbiýe we sport ulgamynda kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriniň biri bolup durýar.

«Türk­me­nis­tan­da 2021 – 2025-nji ýyl­lar­da be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty gol­da­ma­gyň hem-de ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy­nyň» çäk­le­rin­de ýur­du­myz­da spor­ty gol­da­mak we ila­tyň sag­ly­gy­ny ber­kit­mek, zy­ýan­ly en­dik­le­re gar­şy gö­reş­mek, ösüp gel­ýän nes­li spor­ty söý­mek, ha­lal zäh­me­te hor­mat goý­mak ru­hun­da ter­bi­ýe­le­me­giň bi­te­wi ul­ga­my­ny ke­ma­la ge­tir­mek hem-de mil­li sport gör­nüş­le­ri­ni dün­ýä­de has-da da­ba­ra­lan­dyr­ma­gyň yg­ty­bar­ly hu­kuk, gu­ra­ma­çy­lyk we mad­dy-teh­ni­ki esas­la­ry­ny dö­ret­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly we­zi­pe­ler üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Şeý­le hem mak­sat­na­ma la­ýyk­lyk­da, be­den­ter­bi­ýe-sa­gal­dyş we sport hyz­mat­la­ry­nyň hi­li­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy hem-de ra­ýat­la­ry­myz üçin el­ýe­ter­li bol­ma­gy­nyň üp­jün edil­me­gi bilen ila­tyň be­den­ter­bi­ýe we sport ar­ka­ly sag­dyn dur­muş­da ýa­şa­ma­gy­na, zäh­met çek­me­gi­ne hem-de me­de­ni­ýet­li dynç al­ma­gy­na giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär.

Da­ňa­tar MÜR­ZÄ­ÝEW,
Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let, hu­kuk we de­mok­ra­ti­ýa ins­ti­tu­ty­nyň esa­sy yl­my iş­gä­ri.
Beýleki habarlar