Yhlasly zähmetiň mynasyp miwesi

21 Awgust 2024
139

Hormatly Prezidentimiziň öňde goýan belent wezipelerini üstünlikli berjaý etmek her bir zähmetkeşler köpçüliginiň watançylyk borjudyr. Welaýatymyzyň senagat kärhanalarynyň öz borjuna wepaly işgärleri hem şanly ýylda ýokary netijeli zähmet çekmegiň gowy nusgasyny görkezýärler. Munuň şeýledigine üstümizdäki ýylyň tamamlanan ýedi aýynyň önümçilik görkezijilerine nazar aýlanyňda hem doly göz ýetirip bolýar.

Has takygy, şu ýylyň geçen döwründe öndürilen senagat önümleriniň hereket edýän nyrhlardaky möçberi 14 milliard 610,3 million manada barabar boldy. Şonça önümiň 3,6 milliard manatlykdan gowragy döwlet böleginde öndürildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende iri we orta kärhanalarda öndürilen senagat önümleriniň artyş depginleri himiýa, un üweýji-ýarma we dürüşdelenen iým, azyk senagaty kärhanalarynda emele geldi.

Beýleki habarlar