Üstaşyr ulag geçelgeleri: umumy bähbitleri nazarlap

21 Awgust 2024
123

Barha çylşyrymlaşýan häzirki zaman dünýäsinde durnukly ykdysady modeli döretmek işi giň gerimde senagatlaşmagy we ykdysadyýetiň täze, geljegi uly pudaklarynyň çalt ösmegini talap edýär. Şundan ugur alyp, Türkmenistan sebit döwletleriniň nyrh syýasatyny kadalaşdyrmagyň we üstaşyr ulag gatnawlary üçin dolandyryş amallaryny ýönekeýleşdirmegiň tarapdary bolup çykyş edýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu babatda Merkezi Aziýanyň diňe bir üstaşyr geçelge hem-de dünýä döwletlerini çig mal bilen üpjün ediji bazar bolmaly däldigini, sebitde gaýtadan işleýän senagatyň ösdürilmelidigini we gymmaty ýokary bolan harytlaryň önümçiliginiň artdyrylyp, sarp edijilikden eksport edijilige geçmegiň ilerledilmelidigini öňe sürýär.

Gürrüňi edilýän sebitiň uglewodorod we beýleki çig mal gorlaryna juda baýdygy, senagatlaşma mümkinçilikleriniň ýokarydygy, häzirki wagtda dünýäde esasy meseleleriň birine öwrülen işçi bazarynyň amatlydygy, netijede, harytlaryň özüne düşýän gymmatynyň peselmegine sebäp bolýan faktorlaryň agramly böleginiň emele gelendigi döwlet Baştutanymyzyň öňe sürýän garaýyşlaryna esas bolup hyzmat edýär. Şunda döwletara hem-de halkara ulag geçelgelerine bolan zerurlygyň esasy orunlaryň birini eýeleýändigi-de ikuçsuzdyr. Munuň şeýledigini häzirki zaman dünýäsinde ulag we logistika pudaklarynyň ykdysadyýetiň göwnejaý ösüşiniň binýadyna öwrülýändigi bilen-de düşündirmek mümkin. Şunda ýerli hem halkara derejede barha giňeldilýän we ýük daşamalary diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen taslamalar aýratyn orun eýeleýär. Bu babatda halkara ulag geçelgeleri bilen bir wagtyň özünde döwletara ulag geçelgeleri ulgamy boýunça durmuşa geçirilýän taslamalar hem möhüm ähmiýete eýedir. Şonuň üçin-de, hormatly Prezidentimiz milli hem halkara derejede Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesine aýratyn ähmiýet berilmelidigini öňe sürmek bilen, onuň sebiti ösdürmegiň, daşary söwda dolanyşygyny giňeltmegiň we diwersifikasiýalaşdyrmagyň esasy gurallarynyň birine öwrülmelidigini nygtaýar. Türkmenistan diňe bir bu babatdaky garaýyşlaryny beýan etmek bilen çäklenmän, eýsem, öz üstüne düşýän wezipeleridir borçlaryny hem gyşarnyksyz berjaý edýär. Diňe bir soňky onýyllykda bu ugurda durmuşa geçirilen taslamalar, ýol-ulag düzümleriniň binýadyny berkitmekde ýerine ýetirilen işler, çekilen dürli derejeli ýollar we ulaglaryň satyn alnan degişli görnüşleri-de munuň şeýledigini tassyklaýar. Çünki bu zatlaryň ählisi diňe bir döwletimiziň däl, eýsem, sebitiň, yklymyň hem-de dünýä döwletleriniň bähbidine hyzmat edýär. Geliň, käbir mysallara ýüzleneliň!

Ysmaýyl TAGAN.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar