Garaşsyz ösüş ýoly — berkararlyk ýoly

20 Awgust 2024
648

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlananda, her birimiziň kalbymyza mukaddes galkynyş, üýtgeşik söýgi, ýakymly buýsanç duýgulary dolýar. Halkymyz üçin Garaşsyzlygyň, berkarar döwletiň gymmatlyklarynyň nähili arzylydygyny edebi mirasymyzyň çeşmelerinde, hususan-da Magtymguly Pyragynyň goşgularynda görmek bolýar. Şahyr özüniň parasatly şygyr setirlerinde türkmen halkyny birleşdirmek, berkarar döwletli bolmak, geljekki nesillerimiziň bagtly durmuşda erkin ýaşamak baradaky arzuw-isleglerini beýan edýär.

Hawa, Garaşsyz döwletini bina edip, dünýä giňişliginde baýdagyny belentde parladýan, ösüşiň döredijilikli ýolundan ynamly gadam urýan, mert pederleriň döwletlilik ýörelgelerini sarpalap, täzeçilligiň, ylym-bilimiň gazananlaryna eýerýän, nesilleriň ýagty geljegini gurýan buýsançly halkymyz agzybirligiň döredijilik kuwwatyny dabaralandyrýar. Ösüşlere beslenen Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan durmuş-ykdysady ösüşde öz baý tebigy serişdelerinden aýawly peýdalanmakda belent sepgitlere ýetdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň ýokary depginde ösýän ykdysadyýeti sebit hem dünýä ykdysadyýetine işjeň goşulyşýar.

Ogulbagt AÝDOGDYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby.
Beýleki habarlar