SIRKULÝAR YKDYSADYÝETIŇ ÝÖRELGELERI

19 Awgust 2024
473

(Başlangyjy gazetiň geçen sanynda).

Dünýä ýurtlarynyň ilaty maddy gymmatlyklary öz zerurlyklaryndan köp sarp edýändigi, her ýylda eýeçilik edýän harytlarynyň möçberini ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän «Empire State Building» köp gatly binanyň 93 müňüne deň bolan 25 milliard tonna çenli artdyrýandygy, awtoulaglaryň 92 göterim wagtynyň hereketsiz durýandygy, ofisleriň ýylyň 58 göterimine barabar ulanylmaýandygy (boş durýandygy) barada internetde maglumatlar berilýär. R0 ýörelgesi şuňa meňzeş ýagdaýlary düýpgöter üýtgetmek, ýagny az mukdardaky harytlaryň ulanylmagyny üpjün edýän çözgütler arkaly, zerur däl we durnuksyz önümlerden raýat jemgyýetiniň ýüz öwürmegi babatynda derwaýys wezepeleri goýýar.

Gulbeşer BABAÝEW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň ylmy işler boýunça prorektory, ykdysady ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar