Sagdyn jemgyýet — kämil döwlet

17 Awgust 2024
573

Ýurdumyzyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş boýunça ählumumy Gün tertibiniň durmuşa geçirilişi baradaky ikinji Meýletin milli synyny dünýä jemgyýetçiligine hödürlemegi geçen ýylyň möhüm wakalarynyň biri boldy. Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň ýokary derejeli Syýasy forumynda tanyşdyrylan bu syn giň goldaw tapdy. Forumyň mowzugy «COVID-19-dan soňky dikeldiş işini çaltlaşdyrmak we ähli derejede 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibiniň doly durmuşa geçirilmegi» diýlip atlandyryldy.

Türkmenistan BMG tarapyndan öňe sürlen maksatlardan başga-da, ýurduň ileri tutulýan esasy ugurlary bilen baglanyşykly goşmaça maksatlary Meýletin milli syna girizdi. Olar durmuş derejesini ýokarlandyrmak (1-nji maksat); azyk howpsuzlygy (2-nji maksat); sagdyn durmuş ýörelgesini üpjün etmek (3-nji maksat); ýokary hilli bilim (4-nji maksat); gender deňligi (5-nji maksat); howanyň üýtgemegi (13-nji maksat) ýaly möhüm ugurlary öz içine alýar. Arassa suw we sanitariýa (6-njy maksat); elýeterli we arassa energiýa (7-nji maksat); senagatlaşma, innowasiýa we infrastruktura (9-njy maksat); durnukly şäherler we ilatly nokatlar (11-nji maksat); durnukly ösüş üçin hyzmatdaşlyk (17-nji maksat) şunda esasy maksatlar hökmünde kesgitlenildi.

Seidnur JAPBAROW,
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň bölüm başlygy.
Beýleki habarlar