Çeper sözden paýhas çemenini döreden akyldar

14 Awgust 2024
165

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen halkynyň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň poeziýasy dünýä nur saçýar. Ajaýyp döwrümizde türkmeniň geçmişini, taryhyny öwrenmäge, milli mirasymyza sarpa goýmaga giň mümkinçilikler döredildi. Şonuň netijesinde, bu gün biz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly toýunyň halkara derejesinde toýlanýan günlerinde onuň pähim-paýhasa ýugrulan, özboluşly edebi mirasynyň umumadamzat baýlygyna öwrülýändigine şaýat bolýarys. Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, Magtymguly — umumadamzat kalbynyň şahyry, ynsan kalbynyň öçmejek nury.

Akyldaryň döredijiligi nesilden-nesle geçip, halkyň kalbyna ornaşmak bilen çäklenmän, eýsem, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň gülläp ösmeginde, ýurdumyzyň goragynda sak durýan Watan goragçylaryny terbiýelemekde hem ýolgörkeziji bolup çykyş edýär. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň hatarynda çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylar bilen geçirilýän okuw-terbiýeçilik işlerinde şahyryň goşgy setirlerindäki öňe sürülýän nesihatdyr ündewler ýaşlarda ahlak sypatlaryny kämilleşdirmäge uly ýardam berýär.

Çarymyrat SARYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçysy, polkownik.
Beýleki habarlar